Taryhyň beýikligi — nesilleriň buýsanjy

23 Dekabr 2024
72

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyz tarapyndan gyzgyn garşylandy. Şu günler bu gymmatly eser bilen baglanyşykly tanyşdyrylyş dabaralary yzygiderli geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu kitabyň elimize gowuşmagy bizi diýseň buýsandyrdy. Şöhratly taryhymyza söýgi döretmekde kitabyň ähmiýeti örän uludyr. Gahryman Arkadagymyz täze kitabynda: «Halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan geçmişi, taryhy — mertligiň, gahrymançylygyň, ygrarlylygyň, belent ahlaklylygyň taryhydyr» diýip, örän jaýdar belleýär.

Kitapda bellenilişi ýaly, meşhur alym Wadim Masson türkmen topragynda geçmişde döredilen Altyndepe we Gadymy Margiana siwilizasiýalarynyň, Parfiýa, Beýik Seljukly döwletleriniň tutuş adamzadyň taryhyna täsir edendigi barada ýazypdyr. Gahryman Arkadagymyz bu ägirt uly siwilizasiýalaryň we döwletleriň öňüsyrasynda Gadymy Änew medeniýetiniň gülläp ösendigini göz öňünde tutmalydyrys hem-de şunuň bilen birlikde şan-şöhraty dünýä taryhynyň bezegine öwrülen Horezmşalar döwleti hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr diýen adalatly pikiri öňe sürýär.

Han-Durdy GURBANOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary, taryh ylymlarynyň kandidaty.