Türkmenistan — Malaýziýa: dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

22 Dekabr 2024
192

19-njy dekabrda Malaýziýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda gepleşikler geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň Malaýziýa resmi saparyna ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açýan tapgyr hökmünde aýratyn ähmiýet berildi. Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek nukdaýnazaryndan, Türkmenistan Malaýziýa bilen däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Şunda söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklar oňyn ösüş depgini bilen häsiýetlendirilýär. Sebitiň okgunly ösýän döwletleriniň hataryna girýän Malaýziýa Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda çäkli düzümdäki gepleşikler geçirildi. Dostlukly ýurduň Hökümet Baştutany belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Malaýziýa resmi sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallygyny beýan etdi.

«Mugallymlar gazeti».