«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň kanunçylyk binýady pugtalandyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň işlerini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmakda ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Şeýle hem ýurdumyzyň bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, nyrhlaryň durnuklylygyny üpjün etmek halk hojalygy toplumynyň karz serişdelerine bolan isleglerini kanagatlandyrmaga we bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Döwlet býujetiniň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň, Maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işleriň netijeleri maksada laýyklykda alnyp barylýar. Şu nukdaýnazardan hem ýurdumyzda maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak, maliýe ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek, Konstitusiýamyza laýyklykda bazar ykdysadyýetini emele getirmegi çaltlandyrmak üçin göz öňünde tutulan giň gerimli özgertmeler dowam etdirilýär. Döwlet pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ykdysady görkezijileri Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda, oba-şäher, etraplarda pudaklaryň ähli görnüşlerinde durnukly ösýändigine şaýatlyk edýär.