HASABYŇ ÇYKMASA… ýa-da kyrkynjy düýäniň hikmeti

21 Dekabr 2024
81

Eý how, eý how, bu hasap-hesipden baş alyp çykar ýaly däl-ä. Çamalagyňy çaşyrjaga bu. Şu hakda oýlananymda bazardan amanat kyrk düýä sürekçi bolup gaýdan Ependi göz öňüme gelýär. Öýüne hem ulagly, hem jübüsi pully dolanjagyndan monça bolan Ependiniň uzak ýolda hasaby bulaşyp, keýpi uçdy. Tas bir düýe bergidar bolupdy görgüli. Dogry-da walla, hasabyň çykmasa çatak eken. Ýogsa-da, bir düýe nirä ýitirim bolduk-a, ýiter ýaly iňňede-hä däl ol.

***

Gurban GURBANOW
«Arkadagly Ýaşlar».