Söz joş edip dillerde

21 Dekabr 2024
138

Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede uludan bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tamamlanyp barýan, täze — 2025-nji ýyly uly ruhubelentlik bilen garşy alýan günlerimizde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň giň eýwany Täze ýyl öwüşginine beslendi. Ol ýerde beýik söz ussadynyň ýubileý toýy mynasybetli «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde yglan eden «Magtymguly — söz ummanynyň ägirdi» atly döredijilik bäsleşiginiň jemine bagyşlanan dabara geçirildi.

Magtymguly atamyzyň goşgy setirlerinde «Köňül gaýnar, söz joş eder dillerde» diýlişi ýaly, şygryýetiň şanly ýylynda dana Pyragyny wasp edip aýdylýan sözler dillerde joş eýleýär. Ol çagalar baglaryna gatnaýan körpejelerden başlap, ýaşlaryň, ýaşuly nesliň, ildeşlerimiziň ählisiniň dilinde dessan bolup ýaňlanýar. Bu hakykaty bäsleşigiň Düzgünnamasynyň metbugatda çap edilmegi bilen, ýylyň başyndan bäri «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasyna gelen 80-den gowrak hatyň many-mazmuny hem tassyklaýar. Olarda beýik akyldaryň ömri we döredijiligi, şahyrana dünýäsi, ynsanperwerlige, päk ahlaga, watansöýüjilige ýugrulan şygyrlarynyň ähmiýeti, hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly atamyza we onuň baý edebi mirasyna goýýan çuňňur hormat-sarpasy, dana akyldaryň döredijiligini giňden öwrenmekde, dünýä ýaýmakda, geljek nesillere ýetirmekde alyp barýan dünýä nusgalyk işleri giňden beýanyny tapýar.

Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Maksat GYLYJOW.