«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» ýapon dilinde

20 Dekabr 2024
79

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby durmuş ulgamynyň dürli ugurlarynda ajaýyp üstünlikleri gazanýan we eziz Watanymyzyň gülläp ösüşlerine mynasyp goşant goşýan türkmen ýaşlaryna bagyşlanýar. Şu jähetden, 18-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda döwlet Baştutanymyzyň bu eseriniň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

Geçen ýylyň dekabrynda çapdan çykan we ýaş nesiller üçin möhüm gollanma öwrülen bu kitap daşary döwletlerde hem uly gyzyklanma eýe boldy. Onuň Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda ýapon diline terjime edilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir. Şoňa görä-de, tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çärä paýtagtymyza sapar bilen gelen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary-da çagyryldy.

«Nesil».