«Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy»

20 Dekabr 2024
96

Şan-şöhraty ýedi yklyma meşhur oguz nesli bolan halkymyzyň at-abraýyny belende göteren beýik şahsyýetleri sarpalamak asylly däbimizdir. Şeýle beýik şahsyýetleriň biri hem dünýä edebiýatyna ägirt uly goşant goşan «Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragydyr». Hakdan içen şahyryň watançylygy, gahrymançylygy, adalatlylygy, edep-ekramlylygy nesihat edýän ajaýyp döredijiligi türkmen halkynyň parahatsöýüjilige we ynsanperwerlige eýerýän ruhy dünýäsiniň çeper beýanydyr. Çünki Magtymguly Pyragynyň beýikligi türkmen halkynyň beýikligidir.

Ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde dana şahyrymyzyň abraý-mertebesiniň şeýle ýokary derejelere çykarylandygyny buýsanç bilen bellemelidiris. Milli Liderimiziň ýiti zehininden dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy milli şahyrymyzyň ajaýyp waspnamasy boldy. Şol ajaýyp şygyrdan ylham alnyp, 2024-nji ýylymyz akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyryldy. Şu ýylymyzyň bütin dowamynda beýik söz ussadymyzyň ömrüne, döredijiligine, eserleriniň terjimelerine bagyşlanan ençeme çäreler geçirildi, ylmy we edebi kitaplar halka ýetirildi. Bularyň ählisi söýgüli şahyrymyza bolan uly sylag-hormatdan nyşandyr.

Amangeldi GANDYMOW,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygynyň orunbasary.