Döwletli ýoluň dowamaty

20 Dekabr 2024
79

Türkmen halky owal-ahyrda kitaba çuňňur sarpa goýýar. Kitap — dünýäniň syryny açýan gudrat. Türkmençilikde mukaddeslikleri ýüzüňe sylmak parz hasaplanýar. Kitabyň hem ýüze sylynmagy türkmen halkynyň oňa goýýan belent sarpasynyň nyşanydyr. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabyny halkymyz uly buýsanç duýgulary bilen ýüze sylyp garşylady. Bu ajaýyp eser ýaş nesillerimiz üçin aýratyn gymmatly sowgat boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň şöhratly geçmişimiz, milli taryhymyz barada beýan eden parasatly pikirleri, ylmy taýdan esaslandyrylan garaýyşlary biziň her birimiz, ylaýta-da, taryh ugrundan bilim alýan ýaşlar üçin nusgalykdyr. Milli Liderimiziň: «Ýollar we iller, ykballar we ahwallar, hadysalar we netijeler hakda pikir ýöredýärin. Şonda adamzat taryhyndaky iň gadymy medeni ojaklaryň hut şu topraklarda döräp, soňra töwereklere, sebitlere, dünýä ýaýrandygy hakyndaky hakykata buýsanýaryn. Dogrudanam, taryh şu ýerden başlanýar. Taryh şu ýerde dowam edýär» diýmek bilen, geçmiş taryhymyzy milli buýsanç esasynda beýan etmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu ganatly jümleleriň aňyrsynda Watana bolan söýgi, watançylyk ýaly iň kämil duýgular bar. Çünki milli taryha buýsanç watansöýüjiligiň baş çeşmesidir. Ähli eserlerinde ata Watany söýmegi, gözüň göreji deýin goramagy, eziz görmegi ündeýän Gahryman Arkadagymyzyň: «Ynsana öz Watanyny söýmekden uly bagt ýokdur. Iň belent söýgi Watan söýgüsidir» diýen sözleri hem bu günki türkmen ýaşlarynyň watançylyk senasy bolup ýaňlanýar.

Annageldi GYLYÇMYRADOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.