MILLI LIDERIMIZIŇ «ÖMRÜMIŇ MANYSYNYŇ DOWAMATY» ATLY KITABYNDA GÖZELLIGIŇ ŞÖHLELENDIRILIŞI

20 Dekabr 2024
72

Milli Liderimiziň her bir eseri biziň üçin gymmatly gollanma bolup durýar. Her harpyna, setirine paýhas zeri çaýylan sahypalaryň içine aralaşanyňdan, sen özüň üçin täze-täze açyşlary edip ugraýarsyň. Iň täsin ýeri-de, ol eserler adaty durmuşy pursatlaryň içinden göze görünmeýän, duýmasy kyn zatlary biziň nazarymyzyň öňüne getirip goýýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyny okap çykan her bir adam durmuşa täzeden nazar aýlap, gözellige we içki gözellige akyl ýetirip başlaýar.

Gözellik ynsana berlen peşgeşdir. Ol adama iki görnüşde içki we daşky dünýäsiniň baýlygy arkaly mahsusdyr. Iň esasy gözellik diňe owadan geýinmek, gymmat bahaly şaý-sepler bilen bezenmek, özüňe serenjam bermek bilen däl-de, adamyň kalp arassalygy, lebzi halallygy, sadadan – sypaýylygy, mylaýymlygy, akylly-başly häsiýetleri, göwnemakul hereketleri bilen ölçenýär.

Suraý JUMAGELDIÝEWA
Saýat etrabyndaky 41-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.