Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA

20 Dekabr 2024
58

1. Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri hormatly Dato Seri Anwar bin Ibrahimiň çagyrmagy boýunça 2024-nji ýylyň 18-19-njy dekabrynda Malaýziýa resmi sapary amala aşyrdy.

2. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa ilkinji sapary Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky berk gatnaşyklaryň tassyklanmasy bolup durýar. 1992-nji ýylyň 17-nji maýynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan başlap, iki döwlet gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Nebitgaz senagaty babatda hyzmatdaşlygyň netijesinde gatnaşyklar has-da pugtalandy. Bu bolsa iki ýurt üçin hem örän möhüm bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW. Malaýziýanyň Premýer-ministri Dato Seri Anwar bin IBRAHIM.
Putrajaýa şäheri, 2024-nji ýylyň 19-njy dekabry.