Türkmenistan bilen Malaýziýa hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin bilelikdäki topary dörederler

20 Dekabr 2024
31

Türkmenistan bilen Malaýziýa hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin bilelikdäki topary döretmek bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmagy maksat edinýärler. Bu barada Malaýziýanyň Premýer-ministri Datuk Seri Anwar Ibragim iki günlük resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen bolan metbugat-maslahatynda mälim etdi. 

A.Ibragim iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bu başlangyjy eýýäm geljek ýylyň başyndan durmuşa geçirmäge girişerler. “Iki döwlet hem bilelikdäki topary döretmek arkaly hyzmatdaşlygyň derejesini ýokarlandyrmagy maksat edinýärler. Daşary işler ministrler geljek ýylyň başyndan bu taslamalaryň üstünde işläp başlarlar” diýip, Premýer-ministr aýtdy.