Ylhamyň, yhlasyň ykrary

19 Dekabr 2024
95

Biz sebitde ilkinji «akylly şäher» bolan Arkadag şäherini aýratynlygy boýunça söýgüläp, «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri, milli binagärligiň merjeni, atçylygyň paýtagty, sebitiň göwheri» diýip, dürlüçe atlandyrýarys. Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik ylhamyndan kemala gelen bu şäher Zemin ynsanlarynyň kalbyny şuglalandyrýar. Golaýda Milli Liderimiziň Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň barşynda şaýat bolan habarymyz hem Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan döreýän her bir eserden diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň ylhamlanýandygyny ýene bir ýola subut etdi. Iş saparynyň barşynda Milli Liderimize Arkadag şäheriniň Wenada ýerleşýän Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna, «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolandygy, şeýle hem Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň haryt nyşanynyň Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişli güwänamasy arkaly tassyklanylandygy baradaky güwänamalaryň görkezilmegi her birimiz üçin ýakymly täzelik boldy. Munuň özi ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýetilýän sepgitleriň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini nobatdaky gezek subut etdi.

Arkadag şäheriniň ýaşlar şäherine mahsus aýratynlygyny döwrüň iň bir häzirki zaman ösüşlerini özleşdirişinde hem görmek bolýar. Bu bolsa dünýäniň nazarynyň Köpetdagyň eteginde peýda bolan gözel künjege ýygy-ýygydan gönükmegine sebäp bolýar. Sebäbi «Ýagşyny görmek — jennet» diýlişi ýaly, her bir ynsan gözellikden kalbyny gandyrjak. Arkadag şäheri ähli babatda diýen ýaly, meselem, binagärligiň hil derejelerinde, tebigatyň goraglylygyna mynasyp çemeleşmekde, tehnologiýalaryň ösüş depgini bilen aýakdaş gopmakda degişli halkara guramalarynyň ykrarnamasyny aňladýan güwänamalara mynasyp bolmagy-da dünýä syýahatçylarynyň bu şäheri görmek baradaky arzuwlaryna täze joşgun bagyş edýär.

Kakajan REJEBOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.