Mahabatyň esasy wezipeleri

15 Dekabr 2024
43

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda).

Mahabatyň giňden ýaýran görnüşleriniň biri her bir adam üçin adaty bolan bannerler, bilbordlar (bildiriş tagtasy), afişalar (bildiriş plakatlary) we ýazgylardyr. Mahabatyň bu görnüşi köp adamyň görmegi üçin ýörite desgalarda, gurluşlarda ýerleşdirilýär. Bu görnüş diňe wizual (görüş) kabul ediş üçin niýetlenendir. Onuň oňyn taraplary her bir görkeziş üçin arzan baha, auditoriýany giňden gurşap almagy, täsiriň dowamlylygy, ýerleşdirmegiň köp görnüşliligidir. Mahabatyň bu görnüşiniň oňyn däl taraplary bolsa, desgalaryň döredilmeginiň gymmatlygy, howa, gurşaw şertlerine we günüň wagtyna baglylygy, maglumat möçberiniň azlygy bolup durýar.

Agamyrat MÄMMEDOW,
«Mahabatyň esaslary».