Özgerişler — ösüşlere badalga

18 Dekabr 2024
98

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ajaýyp zamanada ähli ugurlar boýunça bady barha artýan özgerişleriň ýoly bilen diňe öňe barýar. Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlaryndan gözbaş alýan düýpli özgertmeler berkarar döwletimizi günsaýyn täze ösüşlere besleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzyň halkara abraýy barha artýar. Jemgyýetimizde demokratik ýol-ýörelgeler täze, has kämil belentliklere çykýar. Ajaýyp zamanamyzda halkymyzyň asuda, abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän döwlet Baştutanymyz milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmeklige-de uly ähmiýet berýär hem-de bu babatda anyk wezipeleri öňde goýýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmekde milli kanunçylyk ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň zerurdygyny aýratyn belleýär. Bu ugurda netijeli işleriň durmuşa geçirilmegi, täze döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän kanunlaryň kabul edilmegi jemgyýetiň durnukly ösüşini üpjün edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan ägirt uly ösüşler, ýetilýän belent sepgitler halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagyny üpjün etmek bilen, aýdyň hem röwşen geljegimiziň binýadyny goýýar. Goý, ajaýyp zamanada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly ýolbaşçylygynda şöhratly menziller dowamat-dowam bolsun!

Agajan HALOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor.