Rowaçly gadamlaryň ýalkymy

17 Dekabr 2024
115

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş taglymaty «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda bolup geçýän taryhy ähmiýetli wakalarda, gazanylýan ajaýyp üstünliklerde, ulus-ilimiziň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy ugrundaky taýsyz tagallalarda beýanyny tapýar. Tamamlanyp barýan ýylymyzyň şanly wakalary, ösüşdir özgertmeleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň abadançylygy baradaky aladasynyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny aýdyňlygy bilen dabaralandyrýar.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden toý edilýän ýylynda gözel Diýarymyzyň sebitlerinde we paýtagtymyz Aşgabatda binadyr desgalaryň açylyş dabaralaryna şaýat bolundy. Şolaryň arasynda döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly beýleki desgalaryň toý ruhunda açylmagy diýseň guwandyrýar. Welaýatymyzyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde gurlup, ulanylmaga berlen 1200 orunlyk döwrebap umumybilim berýän orta mekdep we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy hormatly Prezidentimiziň welaýatymyzyň ilatyna ajaýyp sowgady boldy.

Ogulsabyr ALOWOWA,
Ahal welaýat kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.