Söwda-ykdysady gatnaşyklar täze ösüşlere itergi

17 Dekabr 2024
141

Düýn 16-njy dekabrda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady, şeýle hem onuň çäklerinde türkmen-eýran işewürlik maslahaty geçirildi.  18-nji dekabra çenli dowam edýän «Iran Agrofood» sergisine Eýranyň döwlet hem-de söwda-senagat edaralarynyň, oba hojalyk, azyk we gaýtadan işleýän pudaklarynda, himiki we gaplaýyş önümçiliginde, logistika, bank, söwda, hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan kompaniýalarynyň 60-a golaýynyň wekilleri gatnaşdylar. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz sebitiň ýurtlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Eýran ýurdumyzyň ýakyn goňşusy we ykdysady hyzmatdaşydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe iki halkyň arasyndaky doganlyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar hil taýdan täze mazmuna eýe bolýar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga täze itergi berjek, özara bähbitli täze ugurlary ýüze çykarmak, tejribe alyşmak, işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýän bu sergi munuň aýdyň güwäsidir. Biz hem «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşýan Eýran Yslam Respublikasyndan gelen telekeçileriň, wekilleriň birnäçesi bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.

Mährijemal HALLYÝEWA,
«Diýar».