Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet

16 Dekabr 2024
220

Aýdyň ösüşleri, eşretli ertirleri nazarlaýan özygtyýarly, baky berkarar ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň ählisi asylly maksada — ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli gowulandyrmaklyga, dogduk Diýarymyzy gülledip ösdürmeklige gönükdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda kanunylygyň we düzgün-tertibiň pugtalandyrylmagynyň prokuratura edaralarynyň işiniň esasy ugrudygyny belläp, şunda sanly ulgamyň işjeň ulanylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini tabşyrýar. Şeýle-de munuň özüniň prokuratura edaralarynyň işini kämilleşdirmäge, düzümiň üstüne ýüklenen wezipeleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi üçin şertleri döretmäge gönükdirilendigini nygtaýar. Biz özümize ynanylan wezipelere abraý bilen hötde gelmek ugrunda etrabymyzdaky edara-kärhanalarda kanunçylyk hukuk namalarynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi alyp barýarys. Şunuň bilen birlikde halk köpçüligine täze kabul edilýän Kanunlaryň many-mazmunyny düşündirýäris. Şeýle-de jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda mekdep okuwçylarynyň, ýetginjekleriň arasynda yzygiderli wagyz-nesihat çärelerini guraýarys. Bu işe etrabymyzyň il sylagly ýaşululary hem işjeň gatnaşýarlar. Çärelerde ýaşlaryň gyzyklanmalaryna aýratyn üns berýäris, ýaramaz endikleriň zyýany baradaky düşünjelerini artdyrýarys. Ýaş nesliň ylym-bilim almaklyga, hünär başarnyklaryny artdyrmaklyga, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklige, medeni-köpçülik çärelerine gatnaşmaklyga bolan höwesi çärelere gatnaşyjylaryň göwnüni göterýär.

Hojadurdy MÄLIKGULYÝEW,
Kerki etrap prokurorynyň uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.