Akyldar şahyryň eserlerinde Watan waspy

15 Dekabr 2024
162

Ähli köňülleriň, döwürleriň we ömürleriň barlygyndan ýer alyp, şygryýet äleminiň ruhy täjini geýen Magtymguly Pyragy adamzat kalbynyň şahyrydyr. Barlyga akyl ýetirmek, dünýä paýhas gözi bilen seretmek, ynsany iň ýokary gymmatlyk derejesine çykarmak akyldar şahyryň baş maksadydyr. Şonuň üçin hem şahyryň goşgulary ata Watany, ene topragy, il-güni söýmegiň kämil nusgasyna öwrülipdir. Döreden şygyrlary bilen döwürleriň içinden geçmek başarnygyna eýe bolan akyldar Watan mertebesini nesillere dabaralandyrmagy başarypdyr. Magtymgulynyň şahyrana-pelsepewi edebi mirasy Watana, ynsana, tebigata, adamzat durmuşyna belent söýginiň aýdymy bolup, halkyň ýürek töründe baky orun aldy.

Magtymguly, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň milli şahyrydyr. Akyldar bütin adamzada söýgi bilen sereden hem bolsa, onuň öz halkyna bolan söýgüsini, mährini hiç zat bilen deňäp bolmaýar. Şahyry millilik çäklerinden çykaryp, ony umumadamzat şahyryna öwren zat — onuň öz halkyna, Watanyna bolan beýik söýgüsidir, il-günüň ykbalyna baglanan oýlanmalarydyr. Akyldar şahyr:

Maral NURYÝEWA,
Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň mugallymy.