Kämilligiň gözbaşy

15 Dekabr 2024
150

Türkmen halkynda «Dil bilen dünýäni gezer» diýen söz bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu sözüň ähmiýeti, gymmaty has-da rowaçlanýar. Bu günki gün ýurdumyzyň orta, ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlara dürli bilimleri bermek bilen bir hatarda, daşary ýurt dillerini hem öwretmäge uly üns berilýär. Bu ugurda bilim ulgamynda döwrebap tejribe toplanyldy. Ýurdumyzyň orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlara daşary ýurt dilleri ýörite meýilnamalar esasynda öwredilýär. Diýarymyzda iňlis, rus, fransuz, ýapon dilleri boýunça ýöriteleşdirilen orta mekdepler bar. Sözüň doly manysynda dünýä dillerini çuňňur özleşdirmek üçin ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde giňişleýin şertler döredilendir. Ýurdumyzda rus dilini öwretmegiň döwrebap usullaryny okuw işine ornaşdyrmakda önjeýli işler alnyp barylýar. Daşary ýurt dilini öwretmekde interaktiw usul, ýagny söhbetdeşlik, gepleşik, labyzly okamak, gürrüň bermek arkaly sapak geçmek has gowy netijeleri berýär.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde hem rus, iňlis dillerini öwrenmekde talyp ýaşlara uly mümkinçilikler döredilýär. Talyplar hünäri boýunça rus dili dersinde okamagy we gürlemegi öwrenip, söz baýlygyny ösdüryärler. Olar özara söhbetdeşlik esasynda hem dil baýlygyny artdyrýarlar.

Şirin REJEPOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy.