Aýdyň maksatlaryň binýady

13 Dekabr 2024
119

Milli sport ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny artdyrmak, dürli ýaşdaky raýatlary sport bilen meşgullanmaga köpçülikleýin çekmek, bedenterbiýe-sagaldyş hereketi arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak ýaly aýdyň maksatlar bedenterbiýe we sport baradaky döwlet syýasatynyň özenini düzýär.

Bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasaty raýatlaryň durmuşynyň hilini gowulandyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge, häzirki zaman durmuş şertlerine uýgunlaşmaga ukyply, beden hem ruhy taýdan ösen nesli terbiýelemäge, halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmek maksady bilen, sportuň görnüşleri boýunça sport ätiýaçlygynyň we Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň taýýarlygyna gönükdirilendir. «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 6-njy maddasynda bedenterbiýe hem-de sport babatda döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri kesgitlenilýär. Degişli ugurdaky döwlet syýasaty Türkmenistanyň ähli raýatlarynyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga bolan hukuklarynyň kepillikleri hem-de olaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryna umumy elýeterlilik, dürli ýaşdaky raýatlar toparynyň beden terbiýesine bolan gatnaşygynyň üznüksizligi we dowamlylygy, ilatyň durmuş goraglylygyna mätäç bolan gatlaklarynyň arasynda bedenterbiýäniň we sportuň ösüşini goldamagyň ileri tutulmagy, okuw-türgenleşik, bedenterbiýe-sagaldyş we sport çäreleri geçirilende howpsuzlyk üpjünçiligini guramak ýaly ýörelgelere esaslanýar.

Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.