Milli ykdysadyýetiň strategik pudagy

13 Dekabr 2024
121

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde, ýurdumyzda nebitgaz we geologiýa pudagy halk hojalygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Garaşsyz Watanymyzda nebitgaz senagatyna milli ykdysadyýetiň strategik pudagy hökmünde garalyp, ony ösdürmäge uly üns berilýär. Ýurdumyzda energiýa serişdeleri bilen diňe bir içerki sarp edijileri däl, eýsem, daşarky bazary hem ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek üçin uly tagallalar edilýär.

Hormatly Prezidentimiz innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak arkaly tebigy gazy gaýtadan işläp, ýokary hilli önümleri öndürmegiň, uglewodorod serişdelerini dünýä bazarlaryna dürli ugurlar boýunça çykarmagyň wajypdygyny belleýär. Şu maksat bilen, nebitgaz toplumynda ylmyň we tehnikanyň iň täze, öňdebaryjy gazananlary önümçilige ornaşdyrylýar. Nebit we gaz ýataklaryny işläp geçmegi işjeňleşdirmegiň usullary köpugurly bolup, tehniki, tebigy, önümçilik, ykdysady we beýleki sebäplere görä, belli bir usuly saýlap almak ylmy taýdan doly esaslandyrylmagy talap edýär. Gözleg-barlag işleri döwründe nebiti, gazy çykarmakda, olary içerki we daşarky sarp edijilere ibermekde ulag-logistika ulgamynda daşky gurşawy goramak, sebitde ekologiýa abadançylygy üpjün etmek bilen bagly işler elmydama üns merkezinde saklanýar. Ählumumy metan boýunça borçnamasyna ygrarly bolan ýurdumyzda uglerodyň dioksidiniň zyňyndylaryny azaltmak boýunça degişli çäreler alnyp barylýar.

Sapargylyç DURDYGYLYJOW,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň laboratoriýa müdiri.