Buýsanja beslenen maslahat

13 Dekabr 2024
160

Esenguly etrap häkimliginde beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň,  işjeň partiýa agzalarynyň, il sylagly ýaşulularyň, ak saçly eneleriň gatnaşmagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirdik. Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy we jemgyýetimizi hemmetaraplaýyn pugtalandyrýan, halkara gatnaşyklaryň  giňeldilmegine hem-de  ösdürilmegine ýardam berýän içeri we daşary syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini buýsanç bilen bellediler. Döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer içeri we daşary syýasatynyň, asyrlaryň hem-de müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen  dostluk ýörelgelerimizi rowaçlandyrmak ugrundaky beýik başlangyçlarynyň üstünliklere beslenmegini,  eziz Watanymyzyň dünýädäki abraýynyň  has-da belende galmagyny arzuw  etdiler.

Patma Muhammedowa,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Esenguly etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.