Toýly günleriň söhbedi

10 Dekabr 2024
105

Halkara Bitaraplyk gününi dabaralandyrmak hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahatynda kabul edilen kanunlaryň ähmiýetini halk köpçüligine düşündirmekde öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, welaýat kitaphanasynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň guramagynda geçirilen söhbetdeşlige Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary Gurbangylyç Durdyýew, Arazmyrat Hangeldiýew, Şatlyk Gurbandurdyýew, Aýnabat Toýlyýewa, Maýsa Jumaýewa, şeýle hem gazetiň habarçysy Bazargül Ballyýewa dagy gatnaşdylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda Bitaraplyk hukuk derejesi BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Garaşsyz ýurdumyzyň halkara derejesinde giňden bellenilýän şanly senesiniň diňe bir halkymyz üçin däl, eýsem tutuş dünýä jemgyýetçiligi üçin hem aýratyn wakalaryň biri bolup durýandygy uly buýsanç bilen bellenip geçildi. Hemişe parahatçylyk söýüjilik ýörelgesine ygrarly ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň Esasy Kanunymyzda hem berkidilendigi, kabul edilýän kanunlarda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alynýandygy, olaryň ählisinde hem adam hakdaky aladanyň öz beýanyny tapýandygy barada bellenip geçildi.

Ýörite habarçymyz. Surata düşüren Ilaman ÖWEZOW.