Waspyň dillerde dessan

10 Dekabr 2024
110

Baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli dürli medeni çäreler Köneürgenç etrabynda hem ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär. Etrabyň 59-njy orta mekdebinde geçirilen çäre hem Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk toýuna bagyşlandy. Etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalaryň, bilim, medeniýet bölümleriň bilelikde geçiren çäresine etrabyň orta mekdeplerinde okaýan okuwçy oglan-gyzlar hem gatnaşdylar. «Bitarap Türkmenistan, waspyň dillerde dessan!» ady bilen geçirilen çärede etrabyň çagalar sungat mekdebiniň, etrabyň 12-nji çagalar bagynyň höwesjeň aýdymçy oglan-gyzlarynyň aýdym-sazly çykyşlarynda asuda-parahat ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerini, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli işlerini, dost-doganlyk ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýyny wasp etdiler. Çäräniň dowamynda bagtyýar çagalaryň dürli milletleriň dillerinde ýerine ýetiren aýdymlary, tanslary çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy. Uzak wagtlap dowam eden çäre bu ýerde ýygnananlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Gülhumar HOJAHMETOWA, TKA-nyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.