Milli bank ulgamynyň ösüşleri

6 Ýanwar 2021
2214

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetini çalt depginler bilen ösdürmäge, bu ulgama dünýäniň ösen tejribesini ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda ýurdumyzyň bank ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy ugrunda netijeli işler amala aşyrylýar. Geçen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda giňden bellenilip geçilen hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýuny ýurdumyzyň ähli ulgamlary uly ösüşler we zähmet üstünlikleri bilen garşyladylar. Şeýle zähmet üstünlikleri ýurdumyzyň bank-maliýe ulgamlaryna hem degişlidir.

Ykdysadyýetimiziň serişde mümkinçiligini pugtalandyrmagyň çäklerinde Türkmenistanyň bank ulgamy öz tagallalaryny hususy bölegiň önümçilik mümkinçiliklerini artdyrmaga, zerur bolan tehniki serişdeleri, abzallary we esbaplary satyn almak arkaly oba hojalyk önümlerini öndürijileriň isleglerini üpjün etmäge, fiziki we ýuridik şahslaryň sarp ediş harajatlaryny kanagatlandyrmaga, eksporta gönükdirilen harytlaryň möçberlerini artdyrmaga we import edilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri karzlaşdyrmaga gönükdirýär. Şeýle hem şahsy taraplara dürli görnüşli karz serişdelerini bermek, bank amallarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak, görnüşlerini artdyrmak, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank» hem-de «Elektron söwda» hyzmatlaryny ýerine ýetirmek ugrunda işler durmuşa geçirilýär.

Merjen LOKKAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň Marketing bölüminiň başlygy.