Robot taslamalarynyň bäsleşigi

13 Dekabr 2024
138

Ýakynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň guramagynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen ýaşlaryň arasynda robot tehnologiýasy boýunça bäsleşik geçirildi. Oňa Diýarymyz boýunça ýaşlaryň 272-si gatnaşyp, olaryň 181-si mekdep okuwçylaryndan, 91-si orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan ybarat. Bäsleşigiň çäklerinde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň, bilim merkezleriniň hem-de robot tehnologiýasy we emeli aň tehnologiýasynyň üsti bilen bilim bermegiň aýratynlyklaryny, ösüş ugurlaryny açyp görkezýän sergi hem guraldy. Sergide birnäçe ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň, «Imdat elektronika», «Gyrat», «Milli ulgam», «Dana», «Päk nesil» ýaly bilim merkezleriniň bu ugurdaky mümkinçilikleri we taslamalary, şeýle hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň okuwçylarynyň taýýarlan robotlary tanyşdyryldy.

Degişli meýilnama laýyklykda, ýaryşlar «Sumo robotlaryň bäsleşigi», «Labirint bäsleşigi», «Topar taslamalarynyň bäsleşigi» hem-de «Ak ýerde gara çyzyklar boýunça hereket edýän robotlaryň bäsleşigi» diýen ugurlar boýunça geçirildi. Oňa gatnaşyjylaryň geçen ýylkylardan has artandygy ýurdumyzyň ýaşlarynda robot tehnologiýalaryna bolan gyzyklanmanyň barha ýokarlanýandygynyň güwäsidir.

Rahat NEPESOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň direktory.