Durmuş mugallymy (Hekaýa)

12 Dekabr 2024
176

Oňa hemmeler «Maýa mugallym» diýip ýüzlenerdiler. Syrgynymyzda ýaşansoň, ötenimizde-geçenimizde ol bizi hökman ýanyna çagyrardy. Gapdalynda oturdyp, ondan-mundan gürrüň bererdi. Çagalygyň iň bol çöpi — sowallar. Maýa mugallymyň biziň soňsuz sowallarymyzyň öňünde durup bilşine haýran galaýmalydy. Diňe bir jogap bermegem däl, käte sowallarymyzyň hersine degişli rowaýatdyr tymsal hem aýdyp goýbererdi. Onsoň Maýa mugallymyň töweregi hemişe diýen ýaly çagalardan ýaňa hümer bolar durardy.

Ulularyň dünýäsine tarap ýaňy bir ümzük atyp ugran döwürlerimiz Maýa mugallymyň gürrüňleriniň çagalygymyzdaky täsiriniň «güýji gaçyşdy». Oňa-muňa gidenimizde-de, Maýa mugallymlaryň howlusyndan sowarak ýoly saýlanymyzy kem görmän ugradyk. Hernä bu ýagdaý uzaga çekmedi. Biraz ulalyşanymyzdan ýene-de şol çagalygyň yz ýasan ýoluna dolandyk. Emma ol döwre çenli eýýäm Maýa mugallym hemişekileri ýaly, howlularynyň köçe tarapynda gurlan sekide oturmasyny seýrekletdi. Şonda-da ötenimizde-geçenimizde sowlup, ondan habar alardyk. Dogrusy, bu ýagdaýyň ýörelgä öwrülmeginde ulularyňam paýy bardy. Uzak bir ýere gidip gelseň dagy, öýe baranyňdan hal-ahwaldan soňky sowallaryň biri: «Maýa mugallymlara sowuldyňmy?» bolardy. Dogrusy, «ýok» diýeniň bilenem temmi beriljek gümany ýokdur welin, özüňi şeýle bir oňaýsyz duýarsyň hemem şondan soň beýle «säwlige» ýol bermersiň.

Ejegül ATABAÝEWA,
Wekilbazar etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň mugallymy.