Ýa­şu­lu­la­ry sar­pa­lap, tä­ze be­lent­lik­le­re

12 Dekabr 2024
104

Go­laý­da türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy­nyň Ak­sak­gal­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Bi­na­li Ýyl­dy­ry­myň ça­ky­ly­gy bo­ýun­ça bu dü­zü­miň ag­za­sy, şeý­le hem hor­mat­ly myh­man hök­mün­de ge­ňe­şiň 16-njy mej­li­si­ne gat­naş­mak mak­sa­dy bi­len, Weng­ri­ýa iş sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy.

Şu ge­zek­ki du­şu­şy­ga gat­naş­mak üçin Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry, Azer­baý­ja­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň we Öz­be­gis­ta­nyň we­kil­le­ri hem Bu­da­peş­te gel­di­ler. No­bat­da­ky mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy­nyň Ak­sak­gal­lar ge­ňe­şi­niň işi bi­len bag­la­ny­şyk­ly mö­hüm me­se­le­ler gi­ri­zil­di. Gu­ra­ma ag­za ýurt­la­ryň bi­le­lik­dä­ki işi­niň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry, Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len 15-nji mej­lis­de ka­bul edi­len tek­lip­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi hem ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy­nyň Ak­sak­gal­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Bi­na­li Ýyl­dy­rym du­şu­şy­gy açyp, ýyg­na­nan­la­ra ge­ňe­şiň 16-njy mej­li­si­ne gat­naş­ma­ga ça­ky­ly­gy ka­bul eden­dik­le­ri üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di.