Haly — gözellik dowamaty

11 Dekabr 2024
184

Türkmen halysy her bir ynsanyň ruhy teşneligini gandyrýar. Çitimlerden döreýän gudraty synlanyňda türkmen ojagynyň buýsanjy bolan enelerimiziň, göz guwanjymyz bolan gyz-gelinlerimiziň näderejede ukyp-başarnyklydygyna göz ýetirýärsiň. Türkmen tebigatynyň söz bilen waspyny ýetirip bolmaýan täsin gözelligini, mährem zenanlarymyzyň köňül arzuwlaryny, halkymyzyň gadymyýetini we şu gününi nagyşlaryň üsti bilen beýan edýän halyçylyk sungatymyz halkymyzyň milli buýsanjydyr. «Dört gazygyn diräp Zemin döşüne, toprakdan başlanýar bu beýik sungat» diýlişi ýaly, toprakdan başlap, toprakda gutarýan ajaýyp halylaryň içinde, gör, näçe sany arzuw-hyýallar, umytlar ýatandyr. Türkmen milli halyçylyk we keşdeçilik sungatynyň, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň — ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşulmagy bu gymmatlyklarymyzyň bütin dünýäde ykrar edilendiginiň aýdyň güwäsidir.

Haly dokamaklyk sabyrlylygy, irginsizligi, tutanýerliligi talap edýär. Zenan elleriniň gudratyndan dörän bu ajaýyp sungat eseri ene-mamalarymyzdan nesillerimize galan mirasdyr, geçmişimizden janly şaýatdyr, her bir maşgalanyň buýsanjydyr. Türkmen halysynyň her bir nagşynyň aňyrsynda çuň many-mazmun bar. Eli çeper ene-mamalarymyz her bir nagşy döredenlerinde öz ýürek seslerini diňläp, begenjini-gynanjyny nagyşlaryň üsti bilen beýan edipdirler. Hut şonuň üçin hem halk arasynda: «Sen halyňy ýere ýaz, men seniň ýüregiňdäkini okaýyn» diýilýär. Haly türkmen zenanlarynyň ýürek arzuwlaryny çitimleriň üsti bilen ýazan sungat eseridir, dessanlarydyr.

Maýa AŞYROWA,
«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň direktory.