Golaýda Aşgabat şäher häkimliginiň Mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň guramagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu ajaýyp dabara Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem medeniýet we sungat ussatlary gatnaşdylar.
Kitap iki bapdan, ýagny «Taryha syýahat», «Ruhy miras» atly baplary öz içine alýar. Gahryman Arkadagymyz kitapda şöhratly taryhymyz hem-de taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hakynda birinji babyň bäş bölüminiň dowamynda täsirli maglumatlar esasynda gyzykly gürrüňleri berýär. Şeýle hem, alty bölümden ybarat bolan ikinji bapda bolsa milli mirasymyzy emele getirýän ruhy-medeni gymmatlyklaryň ähmiýetine üns çekilýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynda öz beýanyny tapýan maglumatlaryň bagtyýar halkymyzyň şöhratly taryhyny, milli medeniýetini we ruhy-ahlak gymmatlyklaryny öwrenmäge hem-de dünýä ýaýmaga mümkinçilik berýändigini dabarada çykyş edenler bellediler. Dabara medeniýet we sungat ussatlarynyň belentden ýaňlanan aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamynyň ýiti, gymmatly eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.