Elektrik energiýasyndan ýerlikli peýdalanyň!

11 Dekabr 2024
112

Döwletimiziň bedew bady bilen ösmegi halkyň täze tehniki enjamlary ulanmaga bolan islegini has-da artdyrdy. Biz hem telewizor, wideo, sowadyjy-ýyladyjy, eşik we gap-gaç ýuwujy enjamlaryň, mikrotolkunly peçleriň, aşhana kombaýnlarynyň, tozan sorujylardyr şoňa meňzeş tehniki serişdeleriň elektrik energiýasyny aşa köp sarp edýändigi sebäpli, ýaşaýyş we gulluk jaýlarynda elektrik howpsuzlygyna üns berilmegini, elektrik energiýasyny tygşytly ulanmagyň düzgünlerini ýatladyp geçmegi makul bildik.

Elektrik enjamlarynyň birnäçesini bir wagtyň özünde bir elektrik nokadyna birikdirmek talabalaýyk bolman, dürli hadysalara eltmek ähtimallygy ýokarydyr. Daşky gorag örtükleri zaýalanan elektrik geçirijileri, senetçilik usulynda ýasalan elektrik peçlerini ulanmak gadagandyr. Elektrik enjamlaryny çagalaryň özbaşdak ulanmagyna ýol bermeli däl. Birikdiriji nokatlar we ýazdyryjylar çagalaryň elleri ýetmez ýaly, ýörite gorag gapaklary bilen ýapylmaly. Elektrik toguny köp mukdarda sarp edýän enjamlar gurnalanda, olara barýan geçirijileriň şonça mukdardaky kuwwatlylygy göterip bilýän görnüşini ulanmaly. Olary köp wagtlap elektrik ulgamyna birikdirilgi ýagdaýda gözegçiliksiz galdyrmaly däl. Elektrik energiýasy peýdalanylanda ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini öwrenip, berk berjaý etmeli.

Aga AGALYÝEW,
Aşgabat şäher Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 113-nji harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlygy bölüminiň müdiri, içerki gullugyň maýory.