Bazarlar — berekediň nyşany

11 Dekabr 2024
102

Bagtyýar zamanamyzda batly depginler bilen beýik ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzda halkymyzyň asuda we bolelin durmuşyny üpjün etmek ugrunda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler hemmämizi buýsandyrýar. Paýtagtymyzyň berekede, bolçulyga beslenen ak bazarlaryny synlanyňda hem, bu beýik işleriň aýdyň netijelerini görmek bolýar. Gyş paslynyň dowam edýän häzirki günlerinde bagtyýar raýatlarymyzyň ählisini Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Täze ýyl baýramynyň şatlygy gurşap aldy.

Bu döwürde ildeşlerimiziň şanly baýramlary mynasyp garşylamaklaryny gazanmak, şeýle hem sowgatlar, arçalar we beýleki bezegler bilen üpjün etmek maksady bilen göçme söwda nokatlary bazarlaryň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Paýtagtymyzyň çägindäki bazarlardyr söwda merkezleriniň öňündäki meýdançalarda guralýan göçme söwda nokatlarynda ýokary hilli harytlar halkymyza hödürlenilýär. Bu ýerlerde Täze ýyl sowgatlarynyň, baýramçylygyň özboluşly nyşany bolan arçalaryň, bezeg oýunjaklarynyň we beýleki harytlaryň giň toplumyny görmek bolýar. Şeýle arzyly baýramlaryň bosagasynda ak şäherimiziň gözel künjeginde ýerleşýän, durky täzelenen «Ak ýol» bazarynyň dabaraly ýagdaýda açylyp, halkymyzyň hyzmatyna berilmegi hem paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp toý sowgady boldy.

Ýörite habarçymyz.