Halkymyzyň owadan kalby ýaly, tutýan toýlary hem joşgunly, ajaýyp. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ajaýyp zamanamyzda bedew batly ösüş-özgerişlikleriň buşlukçysy bolup, köňüllere şatlyk paýlaýan baky Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllyk toýunyň öň ýanyndaky bagtyýar günlerde maňa hem «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň gowşurylmagy buýsançly başymy göge ýetirdi. Bu döwlet sylagy üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýaryn.
Magtymguly Pyragy dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna ägirt uly goşant goşdy. Akyldaryň edebi mirasy umumadamzat gymmatlyklarynyň bir bölegi bolup, özüniň ähmiýetini ýitirmän, döwürlere şöhlesini saçýar. Üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip atlandyrylmagy hem bu gün dana şahyryň hatyrasynyň belent tutulýandygynyň alamatydyr. Bu ýylyň ýeňişli ýollary jemgyýetimizde bolup geçýän taryhy wakalar bilen şöhratlanýar. Ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşler, ýetilýän belent sepgitler göwünleri galkyndyrýar. Şeýle bagtyýar döwürde dana, akyldar şahyrymyzyň öz gymmatyny ýitirmeýän şygyrlary il-ýurt bähbitli durmuşa geçirýän işlerimizde ebedi ýol-ýörelgämizdir, ruhy goldawymyzdyr.