Şanly taryhymyza buýsanç döredýän eser

11 Dekabr 2024
138

Biz merdana halkymyzyň şanly taryhyna buýsanmaga doly haklydyrys. Sebäbi halkymyzyň taryhy şöhratly wakalara beslenendir. Belli şahsyýetlerimiz hem özleriniň beýik işleri bilen taryhda uly yz galdyrmagy başarypdyrlar. Olaryň nusgalyk ýol-ýörelgeleri nesiller üçin ajaýyp mekdepdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy halkymyzy begendirmek bilen, şöhratly taryhymyza buýsanjy artdyrdy. «Häzirki wagtda tutuş dünýäde türkmen halkynyň taryhyna uly gyzyklanma bildirilýär, ýurdumyzyň döwletli döwranyna, ösüşli gadamlaryna ýokary baha berilýär» diýip nygtaýan Gahryman Arkadagymyzyň täze eserindäki şanly taryhymyz baradaky maglumatlar, täsirli gürrüňler okyjyny özüne çekýär. Bu gün geçmişden galan ýadygärlikler, ýazuw çeşmeleri, türkmen topragyna syýahatçylyk eden şahslaryň galdyran ýazgylary, halk arasyndaky gürrüňler taryhymyzyň beýany bolup hakydalara dolýar. Täze kitap hem taryhy maglumatlaryň çeşmesi hökmünde uly ähmiýete eýedir.

Halkyň geçmişi onuň medeniýetinde, sungatynda, milli mirasynda giňden şöhlelenýär. Hut şonuň üçinem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeni we ruhy gymmatlyklarymyza aýratyn sarpa goýulýar we olaryň köpöwüşginliligini gorap saklamak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Ajaýyp kitapda gadymy gymmatlyklarymyz baradaky gürrüňler arkaly milli mirasymyzyň özboluşly aýratynlyklary açyp görkezilýär.

Bahar ORAZDURDYÝEWA,
Gyzylarbat şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň baş gazna saklaýjysy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.