Türkmen Bitaraplygy — durnukly ösüşiň kepili

10 Dekabr 2024
172

Her ýylyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni hökmünde giňden bellenilýär. Bu şanly senäniň Watanymyz, halkymyz üçin taryhy ähmiýeti bardyr. Türkmen Bitaraplygynyň oňyn netijeleri bu gün tutuş dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär. Bitaraplyk häzirki we geljekki abadan ösüşimiziň aýdyň kepilidir. Parahatçylyk we durnuklylyk ýagdaýynda döwletiň öz ykdysady ösüşini üpjün etmek mümkinçiliginiň ýokary bolýandygyny bu gün Türkmenistanyň tejribesi bütin dünýä äşgär edýär. Halkara hyzmatdaşlygyň düýbünden täze nusgasyny kemala getirmek bilen, häzirki zaman dünýäsiniň möhüm meselelerine täzeçe çemeleşmek ýörelgesini ugur edinen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem tutuş sebitiň, galyberse-de, dünýä döwletleriniň durnukly ösüşine gönükdirilendir.

Türkmenistanyň bitaraplyk ýoly halkymyzyň ýörelgelerine, taryhy, medeni däplerine, şeýle hem geografiki ýerleşişi we serişdeler kuwwaty nazaryndan, ýüzbe-ýüz bolýan anyk ýagdaýlaryna sazlaşykly laýyk gelýän nusgalyk ýoldur. Ösüşi, parahatçylygy we howpsuzlygy aňladýan baky Bitaraplyk ýurdumyzyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekde uly orun eýeleýän ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli nusgalarynyň işlenip taýýarlanmagyna ýardam berýär. Syýasy durnuklylyk şertlerinde döwletler arasyndaky durnukly hem-de uzak möhletleýin söwda-ykdysady gatnaşyklary goldamakda, şeýle hem sebitara, sebit hem-de halkara özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda milli bitaraplygyň ykdysady hem-de geoykdysady ugurlary uly gyzyklanma mynasypdyr.

Arzuw SARYÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymy.