Oňyn başlangyçlar — abadançylygyň hatyrasyna

10 Dekabr 2024
157

Baky Bitarap türkmen döwleti abraýly halkara, sebit we döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna parahatçylyk hem-de ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýar. Türkmenistan abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen maksada okgunly hyzmatdaşlygy durmuşa geçirýär, oňyn halkara dialoga hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Ýurdumyz sebitde we bütin dünýäde durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, ýaragsyzlanmak, terrorçylyga we neşe serişdeleriniň getirilmegine, döwrüň beýleki wehimlerine garşy göreşmek çygrynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly üns gönükdirýär. Parahatçylyk we abadançylyk BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň esasy şertleri bolup durýar. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň strategik ugry esasynda öňe sürülýän başlangyçlaryň uly ähmiýeti bardyr. Ine, 6-njy dekabrda geçirilen Hökümet mejlisinde beýan edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky hoş habar munuň aýdyň subutnamasydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, oňyn başlangyçlar öňe sürlüp, olar halkara giňişliginde uly goldawa eýe bolýar. Türkmenistan sebiti ösüş arkaly parahatçylygyň üpjün edilýän, hyzmatdaşlygyň ynanyşmak arkaly berkarar edilýän, azat, gülläp ösýän zolaga öwürmek ugrundaky başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Olaryň rowaçlyklara beslenip, uly goldawa eýe bolmagy guwandyryjydyr, buýsandyryjydyr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Ine, şu ýylyň altyn güýzünde — oktýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama kabul edildi.

Atamyrat ORAZNEPESOW,
Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.