Dünýä dilleri — dostluk köprüsi

10 Dekabr 2024
232

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň şöhratly ösüşleri nazarlaýan täze eýýamynda röwşen geljegimiziň ylmy esasly bilim binýadynyň kemala getirilmegi üçin milli bilim ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär, bu ugurda dünýä döwletleri, iri halkara guramalary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk has-da çuňlaşdyrylýar. Ynha, şu ýylyň 5-6-njy dekabrynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanda innowasion ösüşlere, bilim ulgamyna öňdebaryjy tejribeleri we häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanly bilim we daşary ýurt dillerini innowasiýalar esasynda okatmagy kämilleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda toplanan oňyn tejribelerden ugur alnyp, «Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Bu ylmy-amaly maslahata ýurdumyzyň we Russiýanyň, Hytaýyň, Hindistanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Türkiýäniň, Koreýa Respublikanyň, Wýetnamyň, Taýlandyň, Özbegistanyň ylmy edaralaryndan, ýokary okuw mekdeplerinden alymlaryň uly topary gatnaşdy. Kanada, Awstraliýa, Meksika, Beýik Britaniýa, Ýaponiýa, Şri-Lanka, Tanzaniýa, Gazagystan, Gyrgyzystan ýaly ýurtlaryň ylmy edaralarynyň alymlary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary bolsa oňa onlaýn görnüşinde gatnaşdylar.

Gurbangül MYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň kafedra müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.