Myhman öz rysgaly bilen gelýär

6 Ýanwar 2021
2671

Bir ýigidiň obalaryndaky bir gyza göwni gidipdir. Ýöne onuň sözaýdyjylary gyzyň: «Bile ýaşamaga razy, ýöne yzyna adam tirkäp gelse halaman. Şoňa razy bolsa, toý şaýyny tutaýsyn» diýýändigini oňa jikme-jik aýdypdyrlar. Ýigidiň birbada gahary geljek bolupdyr. Garaz, ýaş maşgala, wagt geçse özgerer diýen pikir bilen onuň şertine razy bolup, oňa öýlenipdir. Bir günem daşarda böreňläp ýagyş ýagypdyr. Ýoldan barýan ötegçiniň biri ýagyşdan goranmak üçin, olaryň öýüniň yk tarapyna çekilip durupdyr. Oňa gözi düşen ýigit näme etjegini bilmändir. Ony yzyna tirkäp gelse, gelnine beren sözünde durmadygy boljak. Ol ahyry:

— Ejize hossarlyk etmeýänden adam bolmaz. Meniň bir wagtky beren sözüm ýadymda. Ýöne tamymyzyň ygynda duran bendäni öýümize salmasak bolmaz. Sen garşy bolsaňam, men oňa: «Gel!» diýmän bilmerin — diýipdir.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan.