Çille gary — ýeriň gany

6 Ýanwar 2021
2560

Türkmenleriň milli senenamasyna nazar aýlasaň, ata-babalarymyzyň gyş paslyny dört bölege bölendigini görmek bolýar. 22-nji noýabrda başlanýan garagyş öz ornuny 7-nji dekabrda uly çillä berýär. 8-nji dekabrdan başlanýan uly çille bolsa 17-nji ýanwarda öz ornuny kiçi çillä berýär. Kiçi çille 7-nji fewrala çenli dowam edýär-de, soň ornuny ahyrky garagyşa berýär.

Eždatlarymyz gyş pasly barada gyzyla gaplaýmaly pähimleri, nakyllary we atalar sözüni miras galdyrypdyrlar. Geliň, olaryň käbirine göz aýlalyň: «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz», «Gyş gamyny ýaz iý, ýaz bolmasa — güýz», «Gyş geýjegiňi tomus taýýarla, tomus geýjegiňi — gyş», «Ýazyň ýuwundysy — gyşa gatyk». Şu pähimleriň her birinde umman ýaly giň many bar, olaryň her birinde gyşa taýýarlykly barmalydygy ündelýär.

Hudaýberen ABRAÝEW.
«Türkmenistan».