Halk hakydasynyň hazynasy

9 Dekabr 2024
217

Mälim bolşy ýaly, taryhy ýyl ýazgylar diýen düşünje bar. Emma ondan hem has giň we çuňňur köklere uzan taryhy hakyda barada hem oýlanmak zerur. Gahryman Arkadagymyz ilimize serpaý eden «Hakyda göwheri» atly täze eserinde hut şu babatda täze pikirleri öňe sürýär.

Aslynda, her bir geçen waka, pursatlar geçmişiň bir parçasy bolsa-da, gadymyýetiň awtorlaryna degişli bolan ýyl ýazgylaryň arasynda taryhy hakykata laýyk ornuny alyp bilmedikleri hem bar. Milli Liderimiziň pikir-garaýyşlaryna görä, taryhy hakyda asyrlar, müňýyllyklar aşyp, heňňamlar dolansa-da, geljekki nesilleriň aňynda öten ata-babalaryndan galan üzülmejek ruhy bagdyr, köňül rişdesidir, buýsançly watançylyk çeşmesidir.

Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň bilim ministri.