Bilim işgärleriniň 2024 — 2025-nji okuw ýylynyň ýanwar maslahatlaryny we usuly-amaly okuwlaryny geçirmek boýunça usuly maslahatlar

8 Dekabr 2024
1522

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan durmuş maksatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, bilimli, sagdyn bedenli, watansöýüji, döredijilikli, hünärli, öňdebaryjy, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan kämil nesli kemala getirmek bolup durýar. Bu möhüm wezipäni durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň pedagogik işgärlerine, usulyýetçi alymlara uly orun degişli bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Siz milli ýörelgelerimizi we halypa-şägirtlik ýolumyzy mynasyp dowam etdirmek bilen, mukaddes käriňiziň abraýyny, ýurdumyzyň bilim kuwwatyny has-da artdyrmalysyňyz. Ylmyň-bilimiň we tejribäniň çuňňur arabaglanyşygyny üpjün edýän okatmagyň täze usullaryny işläp düzmelisiňiz. Sowatly, watansöýüji nesilleri kemala getirip, täzeçil hem-de döwrebap çemeleşmeleriňiz bilen ýokary netijeleri gazanmalysyňyz».

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň we umumybilim edaralarynyň pedagoglarynyň, bilim işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmaklaryna, hünär ussatlygyny üznüksiz kämilleşdirmeklerine giň mümkinçilikler açyldy, ähli zerur şertler döredildi. Okuw derslerini ýokary derejede öwretmek, mekdep okuwçylarynyň tebigy zehin-başarnyklaryny ösdürmek, giň dünýägaraýyşly, öňdebaryjy ýaşlary kemala getirmek, olary ylym we döredijilik bilen meşgullanmaga höweslendirmek hem-de hünärlere ugrukdyrmak babatda toplumlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Giň gerimde alnyp barylýan döwrebaplaşdyrmak syýasaty ösüp gelýän ýaş nesle halkara ölçeglerine laýyk derejede ýokary hilli bilim bermegiň, edep-terbiýeli we zehinli nesilleri ýetişdirmegiň öňdebaryjy tejribelerini bilim işine ornaşdyrmaga, döredijilikli we halal zähmet çekmäge, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany bilimler merkezine öwürmäge gönükdirilen giň gerimli işlere has-da işjeň gatnaşmaga bilim işgärlerini borçly edýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi. Türkmenistanyň Milli bilim instituty.