Türkmen wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen 28-nji Bütindünýä Maýa goýum konferensiýasyna gatnaşdy

1 Dekabr 2024
139

25 — 27-nji noýabr aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde 28-nji Bütindünýä Maýa goýum konferensiýasy «Durnukly ösüş ulgamyndaky sanly transformasiýasy: maýa goýumlaryň mümkinçiliklerine baha bermek» atly mowzuk bilen geçirildi. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleriniň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň gatnaşan bu çäresiniň guramaçysy bolup, Saud Arabystany Patyşalygynyň Maýa goýumlar ministrligi bilen dünýäniň 136 sany döwletini öz içine alýan, dolandyryjy düzümi 14 sany dünýä döwletlerinden ybarat bolan Maýa goýum çekmek boýunça agentlikleriň Bütindünýä bileleşigi çykyş etdi.

Dünýäniň 130 döwletinden 2 müňden gowrak wekil gatnaşan bu giň möçberli çäräniň dowamynda Bütindünýä bazarlaryndan ugur almak sessiýasy, ýokary derejeli wekilleriň tegelek stoly hem-de Maýa goýum çekmek boýunça agentlikleriň Bütindünýä bileleşiginiň aýratyn üstünlik gazanan taraplary sylaglamak dabaralary geçirildi.

Aýbölek JUMAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň kesel bejeriş fakultetiniň lukmançylyk durmuş işi hünäriniň 2-nji ýyl talyby.