Katar gök ammiagyň önümçiligi boýunça dünýäde iň uly zawod gurar

1 Dekabr 2024
122

Kataryň «Qatar Energy» kompaniýasy gök ammiagyň önümçiligi boýunça dünýäde iň uly zawodyň gurluşygyna girişdi. Ýylda 1,2 million tonna ammiak öndürjek zawod arassa energetikany ösdürmekde möhüm ädim bolar diýip, kompaniýanyň saýtyndaky beýanatynda aýdylýar.

Zawod El-Wakra munisipalitetindäki Mesaýid senagat sebitinde ýerleşer. Toplumyň düzümine ýylda 1,5 million tonna kuwwatly kömürturşy gazyny nasos arkaly ýygnamak we saklamak üçin blok hem girer.
Zawodyň gurluşygy we ulanylyşy «Qatar Fertiliser» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda dökün önümçiligi boýunça desgalary gurmakda «Qatar Energyniň» tejribesini ulanmak bilen durmuşa geçiriler.
Ammiak — azot bilen wodorodyň himiki birleşmesi. Gök ammiak tebigy gazdan öndürilýär, önümçilik wagtynda goýberilýän kömürturşy gazy bolsa tutulýar we atmosfera düşmeginiň öňüni almak üçin ýa-ha saklanylýar, ýa-da beýleki önümçilik proseslerinde ulanylýar. Taslama Kataryň pes uglerodly tehnologiýalary ösdürmek strategiýasyny goldaýar. Ýurt dünýäde ululygy boýunça üçünji tebigy gaz gorlaryna eýe. 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Katar suwuklandyrylan tebigy gazyň ABŞ-dan soň ikinji uly eksportçysy boldy.

Taýýarlan: Bibijahan GUMMADOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.