Bitaraplyk — milli ýörelgämiz

7 Dekabr 2024
183

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan däp bolan medeni gatnaşyklary berkitmek arkaly, parahatçylygy, halklaryň arasynda özara düşünişmegi we ynanyşmagy goldamaga aýratyn ähmiýet berýär. Eziz Diýarymyzyň «Açyk gapylar» syýasaty dünýäniň islendik ýurdy bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmaga uly mümkinçilikleri açýar. Bitarap döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy maksady dünýä bileleşigi bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginden ybaratdyr. Daşary döwletler, hususan-da, sebitiň ýurtlary we goňşy ýurtlar bilen syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň yglan edilmegi, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň 69-njy mejlisinde dünýä bileleşigine agza döwletleriň 193-siniň goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Kararnamasynyň ikinji gezek kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara derejesinde at-abraýynyň ýokarydygyny, parahatçylygy ýaýbaňlandyrmak ugrundaky tagallalarynyň dünýä ýüzünde goldanylýandygyny görkezýär. Türkmenistanyň Bitaraplygy — bu türkmen halkynyň öňden gelýän milli ynsanperwer däpleriniň mazmunynyň bütin dünýäde ykrar edilmegidir. Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, umumadamzat gymmatlygydyr, parahatçylygyň we ynanyşmagyň rowaçlanmagydyr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Türkmenistanyň bu başlangyjyny Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň ählisiniň goldamagy, sebitdäki ýurtlaryň hemmesiniň oňa awtordaş bolup çykyş etmegi ýurdumyzyň parahatçylyk, ynanyşmak syýasatynyň dünýäde doly goldanylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

«Saglyk».