Onkologiýa merkeziniň giň mümkinçilikleri

7 Dekabr 2024
155

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda dünýä derejeli ösüşleriň gazanylýandygynyň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäherinde gurlup ulanylmaga berlen saglyk merkezlerinde ynsan saglygyny goramaga we keselleriň öňüni almaga ýokary derejeli şertler bar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet Maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, ýagny innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna, tejribesine esaslanýan kämil we ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek ugrunda bimöçber tagallalar edilýär. Arkadag şäheriniň Onkologiýa merkezinde raýatlaryň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak üçin döredilen mümkinçilikler hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Arkadag şäheriniň Onkologiýa merkeziniň binasy 3 gatly bolup, 150 orunlykdyr. Merkezde kabul ediş we maslahat beriş, palliatiw bejergi, endoskopiýa, şöhle bilen anyklaýyş we funksional anyklaýyş, barlaghana, aýal keselleri, süýt mäziniň çiş keselleri, anesteziologiýa we reanimasiýa, operasiýa geçirilýän, zyýansyzlandyryş, patomorfologiýa barlaghana, umumy onkologiýa, himiýa terapiýa, gematologiýa, şöhle bilen bejeriş ýaly bölümler hereket edýär. Bölümleriň ählisi dünýäniň belli lukmançylyk enjamlaryny öndürijileriniň iň häzirki zaman enjamlary bilen doly üpjün edilendir. Bu ýerde zähmet çekýän saglygy goraýyş işgärleri hünär taýýarlygyny yzygiderli artdyrýarlar, döwrebap lukmançylyk enjamlaryna ezberlik bilen erk edýärler.

Rejep ORAZBERDIÝEW,
Arkadag şäheriniň Onkologiýa merkeziniň direktory.