Sport — sagdyn durmuşyň gözbaşy

7 Dekabr 2024
153

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň sagdyn, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Saglygy goramakda, berkitmekde sportuň, bedenterbiýäniň ähmiýeti diýseň uludyr. Ýurdumyzda saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlaryny ösüşlere beslemek üçin döwlet ähmiýetli köptaraply işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Saglyk adamyň ýaşaýşynyň esasy özeni bolup durýar.

Nesil saglygy baradaky meselä türkmen halky mydama örän eserdeň garapdyr. Ýaşaýyş üçin howanyň, suwuň, iýmitiň zerur bolşy ýaly, sagdyn ruhy gurşaw hem şahsyýetiň kemala gelmeginde iň zerur zatlaryň biri hasaplanylýar. Bu gurşaw bolsa sagdyn ruhly adamlar tarapyndan döredilýär. Sagdyn ruh adamda, ilkinji nobatda, sagdyn pikirleriň netijesinde döreýär. «Adam üçin durmuşda iň uly we iň esasy baýlyk näme?» diýlip soralanda, hemmämiziň «Saglyk» diýip jogap berjegimiz gümansyzdyr. Saglygy berkitmek, hemişe beden gözelligini, şähdaçyklygy, ruhubelentligi saklamak üçin sport bilen meşgullanmak iň bir ygtybarly serişde hasaplanylýar. Saglygyň sportdan gözbaş alýandygy dünýäde ykrar edilen hakykat. Şonuň üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde ösen sport ýurdy hökmünde ykrar edildi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup ulanylmaga berlen iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen sport desgalary ýokary derejeli sporty ösdürmäge we dünýä ýaryşlaryny geçirmäge giň mümkinçilikleri döretdi. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň dünýädäki sport abraýyna şöhrat getirýän türgenler kemala geldi.

Hurmagül ANNAGURBANOWA,
Bäherden etrap bedenterbiýe we sport bölüminiň KAIG-nyň başlygy, tälimçi mugallym.