Beýi

5 Ýanwar 2021
2195

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda türkmen topragynda bitýän, ösümlikler barada gymmatly maglumatlar berilýär. Şolaryň biri-de dermanlyk häsiýeti bolan beýidir. Alymlaryň bellemeklerine görä, beýi adamlar tarapyndan iň gadymy özleşdirilen ekinleriň biridir. 4000 müň ýyl mundan ozal Aziýada ösdürilip başlanan beýi, gaty we diş gamaşdyryjy miwe hökmünde belli bolupdyr. Halklaryň özara gatnaşyklary sebäpli, bu miwe birnäçe dünýä ýurtlaryna ýaýrapdyr. 100 gr beýiniň düzümini 8.9 gr uglewodlar, 7.0 gr fruktoza hem-de glýukoza, saharoza düzýär. Beýide A, B, B2, B6, C, E, PP witaminlerden başga-da, ençeme minerallar bar. Ol kaliý duzuna baý bolup, onda onuň 144 mg golaý mukdary saklanýar. Beýi alma we limon turşulyklaryna baý bolup, ol ynsan saglygyna oňaýly täsir edýän ýokumly maddalara baýdyr. Şeýle hem şol maddalaryň ynsanyň ruhy ýagdaýynyň gowulaşmagyna, aşa tolgunmanyň çalt geçmegine oňat täsir edýändigini-de bellemelidiris. Aslynda her miwäniň özboluşly ýakymly ysy bolýar. Beýiniň hem, bişen wagty aýratyn ýakymly, özüne çekiji ysy bardyr.

Beýi köp ýurtlaryň naharlarynda ulanylýar. Aslynda ol iýmesi kynrak miwe hasaplanýar. Ýöne soňky döwürde ösümlik dünýäsi bilen iş salyşýan seçgiçi alymlarymyzyň, bagbanlarymyzyň geçiren tejribeleri netijesinde, alma, armyt ýaly miweler bilen sapylan beýiler ýumşak, hatda käbir görnüşleriniň daşynyň tüýjümekligi hem aýrylyp, ýylmanak görnüşine duşmak bolýar.

Ýazymuhammet HOJAGULYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.