Türgenlerimiziň şowly çykyşlary

7 Dekabr 2024
158

Eziz Diýarymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda ýaş türgenleriň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, halkara derejedäki ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmegi, yzygiderli kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şunda ýurdumyzda geçirilýän dürli derejeli ýaryşlar hem ýaşlaryň kämilleşmegine şert döredýär. 29-30-njy noýabrda agyr atletika boýunça Aşgabat şäheriniň açyk çempionaty geçirildi. «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilen ýaryşda sport mekdebimiziň türgenleri hem şowly çykyş etdiler. Oglanlaryň arasynda Yslam Sopyýew (38 kg) 1-nji orny eýeledi. Daýanç Ataýew (41 kg) 2-nji, Dawut Gurbanow (49 kg) 3-nji orunlara mynasyp boldular. Gyzlaryň arasynda Azeliýa Sopyýewa (38 kg), Medine Döwletgeldiýewa (49 kg), Nurana Surkiýewa (59 kg) ýeňiji boldular. Aýna Durdyýewa (38 kg) 2-nji orna mynasyp boldy.

Ýeňijileri ýaryşa tälimçilerimiz M.Kerimow we M.Jannyýew taýýarladylar.

Amangeldi ÇARYÝEW,
Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 9-njy sport mekdebiniň müdiri.