Surat bäsleşiginde Bitaraplygyň waspy

6 Dekabr 2024
197

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gyzylarbat etrap birleşmesiniň guramagynda «Bitaraplyk — baky bagtym, buýsanjym» diýen at bilen geçirilen surat bäsleşigine çagalar çeperçilik mekdebimiziň okuwçylary gatnaşdylar. Olar bäsleşige hemişelik Bitaraplygymyzyň waspyny edýän eserlerini hödürlediler. Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Bäsleşige gatnaşanlar okamaga, öwrenmäge, döredijilik bilen meşgullanmaga döredýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize alkyş aýtdylar.

Şatlyk TAGYÝEW,
Gyzylarbat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy.