Ga­ryn­ja­lar dynç alýarmy?

6 Dekabr 2024
138

Jan­ly-jan­dar­la­ryň äh­li­si hem gi­je-gün­di­ziň bel­li bir wag­tyn­da dem-dynç al­ýar­. Em­ma gi­je­si­ne hem he­re­ket edip ýö­ren ga­ryn­ja­la­ry gö­re­niň­de: «Be, bu­lar ha­çan dynç alýarka?» di­ýen so­rag ýü­ze çyk­ýar. Dog­ru­dan hem, «Ga­ryn­ja ga­ra gün­de...» diý­li­şi ýa­ly, bu ki­çi­jik mö­jek­ler gi­je-gün­diz he­re­ket­de. Eý­sem, bu işeň­ňir jan­dar­lar ha­çan dynç alýarka?!

Ga­ryn­ja­lar uly maş­ga­la bo­lup ýa­şap, edil­me­li iş­le­ri öz ara­la­ryn­da bö­lüş­ýär­ler. Ýag­ny her bir ga­ryn­ja­nyň öz we­si­pe­si bar. Et­me­li işi­ni bir­kem­siz ýe­ri­ne ýe­tir­ýän bu jan­dar­la­r uk­la­mak üçin ses­siz we howp­suz ýe­re – hin­le­ri­ne gir­ýär­ler we bir-iki sa­gat dynç al­ýar­lar. Dynç al­ýan ga­ryn­ja­la­ryň et­me­li iş­le­ri­ni «do­gan­la­ry» ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Adat­ça, ga­ryn­ja­lar gi­je­si­ne köp­räk iş­läp, gün­di­zi­ne dynç al­ýar­lar. Esa­san hem, to­mus pas­lyn­da ga­ryn­ja­lar gün­di­zi­ne ýe­riň aşa­gyn­da­ky sal­kyn öýün­de dynç alyp, gi­je­si­ne işe baş­la­ýar­lar. Ga­ryn­ja­lar kä­te agaç­la­ryň ga­byk­la­ry­nyň ara­syn­da, ot-çö­püň ara­syn­da hem dynç al­ýar­lar. Ga­ryn­ja­lar iý­mit da­şa­mak üçin çe­ken ýo­lun­dan ha­tar bo­lup ýö­räp, bi­ri-bi­ri bi­len ha­bar­la­şyp gid­ýär­ler. Ha­çan­da kä­bir ga­ryn­ja­nyň he­re­ke­ti ha­ýal­lap ýa­dap baş­la­sa, beý­le­ki­ler onuň ýü­kü­ni äkid­ýär­ler. Ýa­daw ga­ryn­ja bol­sa, dynç almak üçin amat­ly ýe­re geç­ýär.